Magali Leže, Resul Gylyjow, Nury Nuryýew: Berlioz we beýleki tanymal kompozitorlar barada söhbet

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry nusgawy sazlaryň muşdaklaryndan doldy.Fransiýa Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň we ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde guralan konsert Gektor Berliozyň aradan çykan gününiň 150 ýyllygy mynasybetli belli fransuz kompozitorynyň hatyrasyna bagyşlanyp guraldy.

Konsertden öň biziň bilen gysgajyk söhbetinde Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižory Resul Gylyjow şeýle diýdi: -Gektor Berlioz ajaýyp eserleriň awtory, ýöne gynansagam, biz olary kän bir ýerine ýetirip barmaýarys.

Fransuz nusgawy sazlarynyň, opera ussady Magali Leženiň we ildeşimiz Nury Nuryýewiň ussatlygynyň bir konserde jemlenmegi, elbetde, konserte üýtgeşik röwüş çaýar.Onda, konsertde duşuşýançak!Agşam Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Berliozyň Faustyň ýazgarylyşy operasyndan Wenger marşy bilen açyldy.

Intonasiýalara baý wenger sazynyň aýratynlygyny beýan eden eser konsertiň mažor äheňlidigini salgy berdi. Şowhunly el çarpmalardan soň Resul Gylyjow sahnanyň arkasyndan Magali Leženi salyhatlyk bilen sahna alyp geldi, tomaşaçylar ony dowamly el çarpmalar bilen mübäreklediler.

Fransuz aýdymçysy Gektor Berliozyň Tomus agşamlary Wokal tapgyrlaryny ýerine ýetirip, tembrlere baý soprano owazy we keşbe girmäge ussatlygy bilen diňleýjileri özüne maýyl etdi.Simfoniki orkestr Fantastiki simfoniýadan Bal sazyny çeperlik bilen ýerine ýetirip, fransuz kompozitory Berlioza bagyşlanmany tamamlanda tomaşaçylar sazandalaryň alkyşyny şowhunly el çarpmalar bilen ýetirdiler.

Konsertde Şarl Fransua Gunonyň, Žýul Massneniň, Leo Delibiň, Žak Offenbahyň eserleri ýaňlandy.Simfoniki orkestriň solisti Nury Nuryýew Magali Leže bilen bilelikde çykyş etdi.Owadan soprano sesli Magali Leženiň we labyzly tenor owazly Nury Nuryýewiň sesleri sazlaşygy bilen tomaşaçylaryň sag bolsunyna mynasyp boldy.

Aýratynam olaryň Frans Legaryň Şadyýan dul jenan operettasyndan Gannanyň we Danilanyň, Žorž Bizeniň Dür agtaryjylar operasyndan Nadir bilen Leýlanyň keşplerini şowly döredişi tomaşaçylary özüne maýyl etdi.Magali Leženiň Nury Nuryýew bilen bilelikde Weli Muhadowyň Aşyklaryň şäheri—Aşgabat aýdymyny türkmençe aýtmagy diňleýjileri haýrana goýdy.

Simfoniki orkestr Žak Offenbahyň Dowzaga giren Orfeý operettasyndan Kankan bilen konserti jemledi.Paýtagtymyzyň medeni durmuşynda şanly waka bolan we şahyranalygyň hem sazyň melegi Ewterpanyň muşdaklarynda güýçli duýgylary oýaran fransuz-türkmen saz agşamynyň solistleri konsertden soň gysgaça interwýu berdiler.

Magali Leže: -Men Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň we sahnada kärdeşim Nury Nuryýewiň ýerine ýetirijilik ussatlygyna aperin!diýdim, bu aýdymçy bilen döredijilik ikiligi çalt kemala geldi.Aşgabatly tomaşaçylaryň mähirli garaýşy, olaryň aýdym-sazlara söýgüsi meni hem tolgundyrdy hem joşdurdy.

Indi Türkmenistan ýüregimde ömürlik orun tutdy.Nury Nuryýew: -Men Magali Leženiň zehinine, wokal we artistlik ussatlygyna haýran galýaryn, bilelikde işlemekden alan gymmatly tejribäm üçin oňa minnetdardyryn.Resul Gylyjowdyr onuň ýolbaşçylygyndaky orkestr ýewropa we türkmen nusgawy sazlaryny ajaýyp ýerine ýetirip, biziň sesimiziň sazlaşykly ýaňlanmagyna güýçli ýardam etdiler.

Ýene degişli makalalar

Magali Leže: özi we Gektor Berliozyň hatyrasyna bagyşlanýan geljekki konsert hakda
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Dante Aligýeriniň Ajaýyp komediýasynyň bir parçasyny gürrüň berer
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Meşhur italýan dirižýory Klaudio Wandelliniň gatnaşmagynda Aşgabatda nusgawy saz eserleriniň konserti geçiriler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Iň ýaş 3-nji çempion