Magali Leže: özi we Gektor Berliozyň hatyrasyna bagyşlanýan geljekki konsert hakda

19-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Berliozyň 150 ýyllygynyň hatyrasyna atly konsert bolar.Aşgabat teatrynyň sahnasynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlyk etmeginde Fransiýadan tanymal opera aýdymçysy Magali Leže çykyş eder. Çäräni Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guraýarlar. ...17-nji oktýabrda ýeňil soprano sesli fransiýaly aýdymçy Magali Leže Aşgabada gelen dessine tanymal myhmandan interwýu almaga höwesek žurnalistler ony gurşap aldylar.

Owadan opera aýdymçysy alçaklygy bilen özüne maýyl etdi.Ol Türkmenistanyň paýtagtynda çykyşlarynda Gektor Berliozyň we ХIХ asyryň beýleki kompozitorlarynyň döredijiligini wagyz etmegi niýet ediýnändigini aýtdy, onuň konsertiniň bir bölegi olara bagyşlanýar. -Berliozyň sazy Fransiýa mahsuslygy bilen özüne çekýär.

Galyberse-de, türkmen kompozitorlarynyň sazlary bilen tanyşmak isleýärin.Konsertimde Aşgabat hakyndaky aýdymy Nury Nuryýew bilen bilelikde aýtmakçy.Bu aýdym şahyranalygy we ekspressiýasy özüne bendi edýär.Aşgabatlylaryň edil parižliler ýaly öz şäherini söýýändigi bildirip dur.

Häzirlikçe türkmen sazlaryndan diňe şony bilýärin, sazlaryňyz bilen ýakyndan tanyşmak isleýärin -- diýip Magali gürrüň berýär.Magali Leže Parişde dogulýar: onuň kakasy fransuz, ejesiniň asly Gwafelupadan.Onuň ata-enesi saz bilen meşgullanmasalaram, çagalaryny sungata imrigdiripdirler: erkek dogany Magali kontrabas çalmagy öwrenipdir, gyzjagaz bolsa ilki nusgawy tanslara imrigipdir, soňra fortepiano çalmagy öwrenipdir.

Sazçylyk mekdebiniň mugallymlary onuň hoş owazlydygyny bilip, oňa aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.Magali Pariž konserwatoriýasynyň uçurymydyr.Magaliniň tembrlere baý sesi ABŞ-nyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Russiýanyň esasy opera teatrlarynda ýaňlandy, baran ýerinde-de uly üstünlikler oňa ýar boldy. -Repertuarymda aýdym kän diýip Magali Leže gürrüňini dowam edýär.

Elbetde, ozaly bilen opera eserlerini we barokko usulyndaky sazlary halaýan, ýöne jaz hem-de şanson aýdymlaryny aýtmagy-da gowy görýärin. Žurnalistler halaýan pişäm barada köp soraýarlar.Meniň ýeke-täk güýmenjäm we işim aýdym aýtmak, şonsuz durmuşymy göz öňüne-de getirip bilemok.

Boş wagtym bolsa, ýanýoldaşym we iki çagam bilen syýahat etmegi gowy görýärin.Adamym saz ugrundan işlänok, ol muzeý direktory. Şonuň üçinem dynç alanymda opera aýdymçysydygymy unudyp, durkum bilen maşgalama we öý işlerine berilýärin, olardanam lezzet alýaryn.

Bu meniň Aşgabada ilkinji gelip görşüm, Resul Gylyjow we onuň orkestriniň sazandalary bilen heniz duşuşamok, olar barada ýagşy sözleri köp eşidýän.Birinji repetisiýamyz ýene ýarym sagatdan başlanýar.Bilelikdäki döredijigimiz bize ýarar, aşgabatly tomaşaçylaram Ýewropa nusgawy sazlaryndan lezzet alarlar diýip umyt edýärin.

Ýene degişli makalalar

Magali Leže, Resul Gylyjow, Nury Nuryýew: Berlioz we beýleki tanymal kompozitorlar barada söhbet
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Dante Aligýeriniň Ajaýyp komediýasynyň bir parçasyny gürrüň berer
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Meşhur italýan dirižýory Klaudio Wandelliniň gatnaşmagynda Aşgabatda nusgawy saz eserleriniň konserti geçiriler
Täze awtobanyň Lebap böleginde gurluşyk haýal barýar, 'işçileriň aýlyklary gijikdirilýär'