Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär

Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär

Ýewropa parlamenti 15-nji iýulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň hukuk goraýjylary bilen wideoşekilli duşuşyk gurnady, oňa Türkmenistandan adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň ýolbaşçysy, hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin we "Turkmen.news" neşiriniň baş redaktory, derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew gatnaşdy.

"Merkezi Aziýadaky susduryş praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri" diýen at bilen geçirilen duşuşyk Ýewropa parlamentiniň bäş sany syýasy toparynyň agzalary tarapyndan, esasy azatlyklara goýulýan sylag-hormatyň düýpli peselen ýurtlaryndaky, hususan-da Gazagystandaky, Täjigistandaky, Özbegistandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Mongoliýadaky ýagdaýlar barada anyk gürrüň etmek we maslahat bermek maksady bilen guraldy diýip, habarda aýdylýar.

Halkara hukuk toparlarynyň çap edýän ýyllyk hasabatlaryna laýyklykda, Türkmenistan gürrüňi edilýän ýurtlaryň arasynda metbugat azatlygynyň we beýleki esasy azatlyklaryň iň gysylýan ýurtlarynyň biri bolup, türkmenistanly garaşsyz žurnalistler we hukuk goraýjylar diňe ýurt daşynda açyk işläp bilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň baş redaktory Farid Tuhbatulliniň bellemegine görä, Türkmenistan hatda COVID-19 epidemiýasy nazara alynmanda hem, ýylyň aşa gurak gelmegi netijesinde gumanitar heläkçiligiň öň ýanynda dur. Ruslan Mätiýew hem öz çykyşynda Türkmenistandaky koronawirus ýagdaýyna ünsi çekdi we Aşgabatda kesellän türk we iňlis ilçileri, kanunlaryň berjaý edilmeýändigi barada gürrüň etdi.

Tuhbatulliniň pikiriçe, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we durmuş pudagynda dörän agyr çökgünligiň sebäpleri SSSR döwründen bäri saklanyp galan komanda-adminstratiw dolandyryşy, giň ýaýran we çuňlaşan korrupsiýa bilen bagly.

Türkmen häkimiýetleri bu korrupsiýany bölekleýin tassyklap, oňa garşy berk göreşiljekdigini aýdýarlar, wagtal-wagtal kameranyň öňünde toba edýän raýatlary görkezýärler, emma synçylar parahorlugyň türkmen durmuşynyň “aýrylmaz bir bölegine öwrülendigini” öňe sürýärler.

Azatlyk radiosynyň ýurt içinde ýaşyrynlyk ýagdaýynda işleýän habarçylarynyň hem yzygiderli habar berşi ýaly, her ýylda “alynýan” bol hasyllara we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi baradaky resmi habarlara garamazdan, ilaty un, ösümlik ýagy we ýumurtga bilen üpjün etmek meselesi indi birnäçe ýyl bäri gün tertibinden aýrylmaýar.

Bu önümler üçin dükanlarda uly nobatlar döräp, ýygy-ýygydan dawa-jenjel turýar diýip, Tuhbatullin Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryny hem tassyk etdi.

Şol bir wagtda, duşuşyga gatnaşan türkmen wekilleri milli kanunçylygyň ýagdaýy, bar bolan kanunlaryň hem ýeterlik işlemezligi ýa işledilmezligi barada hem durup geçdiler.Türkmenistandaky krizisiň esasy sebäbi, Tuhbatulliniň sözlerine görä, häkimiýetleriň ýurduň Konstitusiýasyny, raýatlaryň azatlyklaryny we hukuklaryny düýpden äsgermezligi, ilat bilen häkimiýetleriň arasynda arabaglanyşygyň bolmazlygy bolup durýar; ýurt içinde hiç bir garaşsyz habar serişdesi ýok, raýat jemgyýetiniň başlangyçlary bolsa ýok edildi.

Bu şertlerde, hukuk goraýjynyň pikiriçe, häkimiýetlere täsir ýetirmegiň ýeke-täk guraly Ýewropa Bileleşigi, BMG, ÝHHG ýaly halkara guramalary bolup galýar. Ýöne ol bu guramalaryň berýän maslahat-geňeşleriniň köpüsiniň kabul edilmeýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Tuhbatullin ÝB wekilleriniň Türkmenistanyň häkimiýetlerine käbir talaplary ýetirmegini haýyş etdi. Ol talaplar şulardan ybarat:

Halkara ölçeglerine doly laýyk gelmegini üpjün etmek üçin, ýygnanyşyklary, mitingleri, demonstrasiýalary we beýleki köpçülik çärelerini guramak we geçirmek baradaky Kanuna gaýtadan seretmeli;

Daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň ýygnanyşmak hukugyna hormat goýmaly we parahatçylykly protestlere gatnaşýanlary gorkuzmak üçin edilýän synanyşyklardan el çekmeli;

Daşary ýurtlarda ýerleşýän garaşsyz hukuk goraýjy guramalara we habar saýtlaryna, şeýle-de olaryň hyzmatlaryndan ýurt içinde peýdalanýan adamlara basyş görkezmekden saklanmaly;

Adamlary nägilelik bildirendigi, raýat aktiwligi ýa-da daşary ýurtlardaky oppozisiýa bilen gatnaşygy üçin jenaýat ýa-da adminstratiw jogapkärçiligine çekmegi bes etmeli;

Internet serişdelerine elýeterliligi eden-etdilikli petiklemek we Türkmenistan baradaky garaşsyz maglumatlary almak üçin senzuradan sowlup geçmek gurallaryny ulanýan adamlary gorkuzmak praktikasyny bes etmeli diýip, Tuhbatullin wideoşekilli duşuşykda eden çykyşynda aýtdy.

Ruslan Mätiýew öz çykyşynyň başynda Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygynyň ýokdugyny we bu ýörelgä eýerilmezliginiň garaşsyz žurnalistleriň türmä basylmagyna sebäp bolýandygyny aýtdy.

Ol bu sözüne delil edip "Türkmen.news" neşiriniň ştatdan daşary habarçysy Nurgeldi Halykowyň işini mysal getirdi. Ol 2020-nji ýylda, BSG-niň Aşgabada baran wekilleriniň suratyny garaşsyz neşiriň redaksiýasyna iberendigi üçin, galplaşdyrylan kezzaplyk aýyplamalary esasynda dört ýyl azatlykdan mahrum edil.

"Serhetsiz reportýorlar", Žurnalistleri goramak bardaky komitet, "Žurnalistler üçin adalatlylyk" gaznasy, ÝHHG, BMG-niň dürli ýörtie hasabatçylary we iş toparlary Halykowyň boşadylmagyny talap etdi, emma türkmen häkimiýetleri olaryň çagyryşlaryna baş galdyrmady diýip, Mätiýew belledi.

Kanunyň hökmürowanlygynyň bolmazlygy hukuk goraýjylaryň hem türmä basylmagyna sebäp bolýar diýip, Mätiýew 2012-nji ýylda 22 ýyl azatlykdan mahrum edilen Mansur Mingelowyň işine ünsi çekdi.

Žurnalistiň tassyklamagyna görä, Türkmenistandaky buluç azlygynyň wekilleriniň garşysyna ulanylan köp sanly hukuk bozulma faktlaryny dokumentleşdirendigi üçin, ara almak maksady bilen, Mingelowyň garşysyna galp jenaýat aýyplamalary işlenip düzüldi.

Şeýle-de Mätiýew türmä basylmadyk, ýöne hukuklary gödek bozulýan adamlar, hususan-da lukman Hursunaý Ismatullaýewa hakynda gysgaça durup geçdi.

Aýdylmagyna görä, Ismatullaýewa näsaglardan para almakdan ýüz öwrendigi, hassahananyň býujetiniň haýryna adamlary gerekmejek saglyk barlaglaryna ibermändigi üçin işden boşadylýar. Şu sebäpden ony köp ýyl bäri hiç bir saglyk edarasyna işe almaýarlar, kärdeşler arkalaşygy lukmanyň tarapyny tutdy, emma kazyýet Ismatullaýewanyň öňki ýolbaşçysynyň hereketinde Zähmet kodeksiniň bozulandygyny tassyklamady diýip, Mätiýew aýtdy.

Mundan başga, žurnalist Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda sowet ýyllaryndan bäri giňden ulanylýan mejbury zähmet hakynda durup geçdi.

"Bu günki günde bütin dünýäniň ünsi Hytaýyň Sinszýan welaýatynda ulanylýan mejbury zähmete gönükdi, ýöne Türkmenistanda hem ýagdaý tasdan şoňa meňzeş" diýip, Mätiýew aýtdy. "Bir tapawudy, türkmen býujetçilerini pagta meýdanlaryna ellerine gandal salyp çykarmaýarlar. Şeýle-de bolsa, mejbury zähmet esasynda ýygnalan ýüzlerçe tonna türkmen pagtasy yzygiderli Ýewropa iberilýär" diýip, ol sözüni dowam etdirdi.

Derňewçi žurnalist elýeterli global söwda maglumatlaryna salgylanyp (UN Comtrade Database) 2019-njy ýylda Portugaliýanyň 2,5 million dollarlyk, Italiýanyň tas 2 million dollarlyk, Polşa bilen Litwanyň bilelikde tas 2 million dollara barabar türkmen pagtasyny import edendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşigini, birnäçe ýyl öň ABŞ-nyň edişi ýaly, türkmen pagtasy üçin gapylary ýapmaga çagyrdy.

Şeýle-de ol ÝB wekillerinden Türkmenistanyň prezidentine Halykowy we Mingelowy derrew boşatmagy talap edýän hat ýazmagy haýyş etdi.

"Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär.Türkmen hökümetine kazyýet ýa-da hukuk ulgamyny gowulandyrmak üçin pul bermäň.Bu kömek edenok!Munuň tersine, ÝB-niň maliýe goldawy we Türkmenistandaky mümkinçilikleri ýokarlandyrmak baradaky dürli programmalar diňe häzirki režimi kanunlaşdyrýar!" diýip, Mätiýew Ýewropa parlamentiniň agzalary, 15-nji iýuldaky onlaýn maslahatyny gurnaýjylar Ruži Tun, Pýatras Auştrýawiçýus, Izabel Santos, Heýdi Hautaly we Helmut Şols daga ýüzlenip aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi
Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda