Türkmenistanda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaşlaryň arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 22-nji dekabrda geçirilen bäsleşikde “Alaja” atly aýdymy ýerine ýetiren 30 ýaşyndaky aýdymçy Mähri Pirgulyýewa ýeňiş gazandy. “Aýdymçy gyza “Ýylyň parlak ýyldyzy” nyşany hem-de höweslendiriji baýrak — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ýollanma gowşuryldy” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Pirgulyýewa türkmen hökümeti tarapyndan guramalaşdyrylýan baýramçylyk çärelerinde yzygiderli çykyş edýär. 2012-nji ýylda ol “Öňe, öňe, diňe öňe Türkmenistan” atly aýdymy köpçülige hödürledi. 2015-nji ýylyň noýabr aýynda bu aýdymy prezident Berdimuhamedow bilen bilelikde dört müňden gowrak adam ýerine ýetirdi.
Bu waka Türkmenistany şol bir aýdymy bir wagtda bilelikde ýerine ýetiren adamlaryň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizdi. Şeýle-de, bu aýdym “Aşgabat - 2017” oýunlarynyň senasy hökmünde kabul edilipdi. “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginde birinji orna Leýli Ökdürowa, ikinji we üçünji orunlara bolsa Rahman Hudaýberdiýew hem-de Söhbet Kasymow mynasyp boldy.
Dokuzynjy gezek geçirilýän bäsleşige şu ýyl 200-den gowrak ýaşlar gatnaşdy.