Mähirli Zenan modalar öýi türkmen milli egin-eşiklerine arzanladyş döwrüniň dowam edýändigini ýatladýar. Gurban baýramy mynasybetli 12-nji iýula çenli müşderiler dükandan islendik harytlary 30% arzan bahadan alyp bilerler.
Mähirli Zenan gelin-gyzlar hem-de çagalar üçin dürli görnüşlerdäki egin-eşikleri taýýarlaýar. Dükanda müşderilere ýetirilýän eşikleriň tapawutly aýratynlygy olaryň tikilişinde döwrebap bezegler bilen türkmen milli nagyşlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylýanlygydyr. Modalar öýüniň egin-eşikleri ýüpek hem-de mahmal matalardan taýýarlanylyp, ajaýyp keşdeler we beýleki häzirki zaman nagyşlary bilen bezelýär.
Müşderiler bu ýokary hilli we amatly bahalardan ýetirilýän egin-eşik görnüşleri bilen Mähirli Zenan modalar öýüniň Bagtyýarlyk söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän dükanyndan tanşyp bilerler.