Maduro: "Ysraýyl Rafahda gyrgynçylyk etdi" diýdi

Maduro: "Ysraýyl Rafahda gyrgynçylyk etdi" diýdi

Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro, Ysraýylyň goşunynyň Rafah şäherinde ýaşaýan ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň galýan çadyr düşelgä guran hüjümini gyrgynçylyk hökmünde häsýetlendirdi.

Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro hepdelik metbugat ýygnagynda beren beýanatynda, Ysraýylyň dünýäniň gözüniň öňünde Gazada gyrgynçylyk edýändigini beýan etdi.

ABŞ-na we Ýewropa Bileleşigine reaksiýa bildiren Nikolas Maduro: "ABŞ we ÝB ellerindäki güýje garamazdan bu gyrgynçylygy duruzmak üçin hiç zat etmeýärler. Meniň pikirimçe olar bu jenaýatyň şärikleridir" diýip nygtady.

Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunuň Halkara kazyýetiň kararlaryny kabul etmeýändigini belläp: "Musulman we hristian çagalary bombalaýarlar, olar hukugy äsgermeýärler. Netanýahu döwrümiziň Irodydyr. ABŞ näme edýär? Ýewropa näme edýär? Sesini çykarmaýarlar. Genosid dymyşlygy. Gitler zamanyndan bäri adamzadyň şaýat bolan iň elhenç genosidleriň biri başdan geçirilýär" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň BMG-daky Taryhy Çykyşy…
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy
Maduro Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Daşary Işler Ministri Fidan Wenesuelada Saparda Boldy
Wenesuelanyň Prezidenti Maduro, Remezan Aýynyň Düşümli Bolmagyny Diledi
Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady