Maduro Raýatlaryny Watanlaryna Dolanmaga Çagyrdy

Maduro Raýatlaryny Watanlaryna Dolanmaga Çagyrdy

Döwlet teleýaýlymynda beýannama beren Maduro, daşary ýurtlardaki wenesuelalylaryň goralmagy we olara goldaw berilmegi üçin ýörite meýilnamanyň üstünde işleýändiklerini aýtdy.

Maduro ýurduna garşy dowam edýan Amerikan sanksiýalaryny ýatladyp, ähli ykdysady embargolar bes edilen halatynda “1 ýylyň dowamynda” wenesuelalylaryň ene watanlaryna dolanyp biljekdigini beýan etdi.

Daşary ýurtlara göçen wenesuelalylara ýüzlenen Maduro; “İmmigrantlar ýurtlaryna dolanmaly, ýurduň olara zerurlygy bar. Ene watana dolanan doğanlarymyz üçin giňişleýin jemgyýetçilik maksatnamalar düzýäris. Dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan wenesuelalylar iňňän agyr şertlerde ýaşaýar” diýdi.

Prezident Maduro Wenesuela “nähak sanksiýalara” sezewar bolandygy üçin halkynyň ýurdy terk etmäge mejbur edilendigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Maduronyň uçaryny elinden aldy
Wenesuelanyň Prezidenti Maduro, Remezan Aýynyň Düşümli Bolmagyny Diledi
Daşary Işler Ministri Fidan Wenesuelada Saparda Boldy
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçileri kabul etdi
Bütin dünýäde dizel ýangyjy gymmatlaýar