
Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro sosial media hasaby X-den beren beýanatynda: "Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutany Wlaidmir Putin bilen dostlukly telefon söhbetdeşligini geçirdik" diýip habar berdi.
Telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Wenesuela ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we tapawutly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Maduro: "Biz doganlyk ýurtlardyrys we egsilmez jebislige eýediris" diýip beýan etdi.