Maduro Kasam Edip Wezipesine Girişdi

2024-nji ýylyň 28-nji iýulynda Wenesuelada geçirlen prezident saýlawynda sesleriň 52 göterimini alyp 3-nji gezek prezidentlige saýlanan Nikolas Maduro, kasam edip wezipesine girişdi.

Paýtagt Karasda Ýasama köşgünde geçirlen kasam ediş dabarasyna Türkiýe bilen birlikde 125 ýurduň wekili gatnaşdy.

Kasam ediş dabarasyna Türkiýäniň adyndan Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý gatnaşdy.

Maduro Milli Mejlisde kasam edip resmi taýdan wezipesine girişdi.

Kasam ediş dabarasy üçin ýolbaşçylara sagbolsun aýdan Maduro, “Wenesuelanyň taryhy, gelejegi we halky üçin ähli jogapkärçiligimi ýerine ýetirmek üçin Ýokary kanunyň öňünde kasam edýärin. Täze döwür parahatçylyk, asudalyk, deň-hukuklyk we täze demokratiýa döwrü bolar” diýdi.

Nikolas Maduro dabarada 2025-2031-nji ýyllarda durmuşa geçirjek işleri barada hem durup geçdi.

Ýene degişli makalalar

Nikolas Maduro Wezipesini Dowam Etdirer
Maduro, Rus Lideri Putini Gutlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Maduro: "Ysraýyl Rafahda gyrgynçylyk etdi" diýdi
Maduro ýeňiş gazandy
Maduro Wenesueladaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy