Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro 28-nji iýulda geçiriljek prezident saýlawy üçin partiýasy tarapyndan 3-nji gezek resmi taýdan dalaşgärlige hödürlendi.
Nikolas Maduro, partiýasynyň goldaw bermeginde Milli saýlaw geňeşine prezident saýlawyna dalaşgärlik üçin ýüz tutdy.
Wenesuela Birleşen sosialist partiýasy tarapyndan 3-nji gezek dalaşgärlige hödürlenmeginden soň çykyş eden Maduro “Täze kynçylyklara garşy göreşmek üçin halkyň maňa beren wezipesini kabul edýärin”diýdi.
Garaşsyzlygy, erkinligi we watany üçin göreşmäge dowam etjekdiklerini aýdan Maduro, dünýädäki 50 hökümetiň 900-den gowrak sanksiýasyna sezewar bolandyklaryny, ähli kynçylyklara garamazdan egilşiksiz göreşlerini dowam etdirjekdiklerini nygtady.
Wenesuelada 2013-nji ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan 61 ýaşyndaky Maduro, 28-nji iýulda geçiriljek saýlawda üstünlik gazanan halatynda Çawesiň 14 ýyllyk iş möhledini geçer.
Wenesurlanyň WTW teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, 14 syýasy partiýa Maduronyň dalaşgärligine goldaw berýär.