
Ispaniýada Santa-Klauslaryň ylgawy geçdi, Madridiň ýaşaýjylarydyr myhmanlary bu iri haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy diýip, MIR 24 habar berýär.
Ýöriş şäheriň taryhy merkezinde guraldy, onuň uzynlygy 4,5 kilometr boldy. Badalga tutuş maşgalasy bilen gelenlerem kändi, öz eýeleri bilen hatda öý haýwanlary-da ylgadylar.
12-nji gezek guralýan Roždestwo ylgawyndan alnan pullar Ispaniýanyň Gyzyl Haç guramasyna geçiriler.