Made in India: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy

Made in India: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy

Foxconn kompaniýasy Apple kompaniýasy üçin Hindistanyň Çennai şäherinde ýerleşýän zawodynda soňky nesliň iPhone smartfonynyň önümçiligine başlady. Ýöne ýurtda Pro-wersiýalary henizem öndürilmeýär.

Belli bolşy ýaly, şol zawodda iPhone 11 we iPhone 12 hem çykarylýar. Şeýle-de, iPhone SE we iPhone 12 Hindistandaky ýene bir zawodda Wistron kompaniýasynyň kärhanasynda ýygnalýar. Taryhda ilkinji gezek Hindistanda iPhone 13-iň satuwy ABŞ-da we beýleki uly ýurtlarda satuwyň başlanmagy bilen bir wagtda başlandy.

Hindistan üçin täze iPhone modeliniň önümçiligi ilki bilen önümçiligiň çykdajylarynyň az bolmagynyň we import ýygymlarynyň köp tygşytlanmagynyň hasabyna bahalaryň pes bolmagyny aňladyp biler. Ýakynda Apple ýurtda import tölegleriniň ýokarlanmagy sebäpli AirPods, AirPods Pro we AirPods Max üçin bahalary ýokarlandyrdy. Şeýle-de bolsa, modeliň Hindistanda çykarylyp başlanmagy ahyrky sarp edijiler üçin bahalaryň peseljekdigini aňlatmaýar.

iPhone-yň paýyna her ýyl smartfon satuwynyň ýarysyna golaýy düşýän köp ýurtlardan tapawutlylykda, CyberMedia Research (CMR) kompaniýasy Hindistanyň bazary üçin ösüşiň boljakdygyny, ýöne görkezijileriň pes boljakdygyny çaklaýar. Şeýlelikde, 2022-nji senenama ýylynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20% köp iPhone satylmagyna garaşylýar, şol bir wagtyň özünde satuw 7 mln birlik bolar bazarda iPhone-yň paýy 5,5%-e deň bolar.

iPhone üpjünçiliginiň umumy möçberiniň diňe 17%-i iPhone 13 seriýasynyň paýyna düşer.

Ýene degişli makalalar

Apple Hindistanda zawod gurar
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
Şwesiýaly aýal 103 ýaşynda paraşýut bilen böküp dünýä rekordyny täzeledi
Önümçilik kärhanalaryny köpeldýär
Smartfon eksportyny ýokarlandyrar