MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ ÄHMIÝETI atly duşuşyk we UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR GADYMY MERWDE atly sergi

MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝANYŇ ÄHMIÝETI atly duşuşyk we UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI GYMMATLYKLAR GADYMY MERWDE atly sergi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly, taryhy wakalara, hoş habarlara beslenip, il-halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.Türkmeniň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhynda mynasyp orun eýelän gadymy Merwiň gymmatlyklaryny öwrenmekdäki alnyp barylýan köpugurly işler şöhratly taryhymyza, baý medeni mirasymyza, medeni gymmatlyklarymyzyň sarpasyny belentde tutýan Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjymyzy has hem artdyrýar.

Bu günki gün şan-şöhraty asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän gadymy Merwiň dünýä medeniýetine goşan goşandy bizi haýrana goýýar.

Bu gadymy mekanyň dillerde dessan bolan taryhyny yzarlanyňda onuň Gündogar we Günbatar döwletleriniň ösüşine öz täsirini ýetirendigine, medeni ösüşleriň mekany hökmünde dünýä döwletleriniň üns merkezinde bolandygyna gözüň ýetýär.

Aýratyn hem bu gadymy mekanyň şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda Seljuk türkmen nesilşalygynyň we onuň iň görnükli hökümdarlarynyň biri Soltan Sanjaryň hyzmaty uly bolupdyr. Şol döwür şäher ilatynyň sany we hünärmentçilik üstünlikli ösüp, ýasalan önümler Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerinde uly şöhrata eýe bolupdyr.

Bazarlar geň harytlar bilen doldurylypdyr.Oba hojalygy ýokary ösüşe eýe bolup, suwaryş desgalarynyň tilsimatlar gurnawynyň kömegi bilen bu ýaýlanyň hasyllylygy artdyrylyp, ýerden bol hasyl alnypdyr.

Gadymy Merw senetçilik, binagärlik sungatynyň hem ösen merkezleriniň biri bolup, ХII asyryň ahyrynda bu ýerde zergärleriň müňlerçesi bolup, olaryň kämil paýhasy bilen döredilen tyllaýy nurly şaý-sepler zergärçilik sungatynyň gülläp ösmegine getiripdir.

Bu gadymy mekanda tutuş dünýä boýunça deňi-taýy bolmadyk kitaphanalaryň birnäçesi bolupdyr.Olar dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekipdir.Ol kitaphanalaryň arasynda Nizamiýa kitaphanasy, Şeref al-Mülküň kitaphanasy, Eziziýa kitaphanasy, Mejid al Mülküň kitaphanasy, Şihab-ad-Din as-Samanynyň kitaphanasy, Abu Seýt as-Samanynyň kitaphanasy, Kemalyýa kitaphanasy, Zamiriýe kitaphanasy ylmyň-bilimiň dürli ugurlaryna degişli baý mirasy bilen şöhratlanypdyr.

Bu ýerde zenanlara niýetlenen Hatuniýe kitaphanasynyň bolmagy has hem täsindir.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly kitabynyň Gadymy Merw diýen II bölüminde: Merwde ýüpek öndürýänler we işleýänler hem köp eken.Näme üçindir, ussat ýüpekçiler diňe Hytaýda bolýar diýlen düşünje bar.

Bu beýle däldir.Hytaýlylar öz başarnyklaryny gizläp durmandyrlar.Merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Şähere suw barýan Majan hem-de Razik akabalarynyň töwereginde tut agaçlary ösüpdir.

Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir.Pileden çöşlenip alynýan sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr.

Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir diýmek bilen Merwde dünýä ýurtlarynyň gymmatbaha matalaryna bäs gelip biljek matalaryň öndürilendigini belläp geçýär.

Düýn şeýle uly ösüşleri başdan geçiren bu gadymy mekanda, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda Maddy däl medeni mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýeti atly duşuşyk we duşuşygyň çäginde Umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklar gadymy Merwde atly sergi guraldy.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň medeni ähmiýetli baý mirasy, olary gorap saklamakda alnyp barylýan köpugurly işler, ÝUNESKO bilen barha ilerleýän hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdiler.Bu möhüm ähmiýetli çäreleriň çäginde Gadymy Merw taryhy ýadygärlikleriň toplumyna syýahat hem guraldy.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý mirasyny, medeni gymmatlyklaryny öwrenmekdäki gazanylýan üstünlikler Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, halk-ýurt bähbitli maksatnamalarynyň netijesidir.

Ýene degişli makalalar

Mederbek Satyýew Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň başlyklygyna bellendi
Türkmenistanda Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri atly halkara forumy öz işine başlady
TÜRKMENISTANDA MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
ЧЕТВЕРТАЯ СЕКЦИЯ МЕЖДУНАРОДНОГО ФОРУМА КУЛЬТУРНО-ИСТОРИЧЕСКИЕ ОТНОШЕНИЯ ТУРКМЕНСКОГО И ИНДИЙСКОГО НАРОДОВ: ДРЕВНИЕ КОРНИ И СОВРЕМЕННЫЕ ПЕРСПЕКТИВЫ
Owganystan Meselesi Ýurtda Wagtlaýyn Şäriklik Hökümetiniň Gurulmagy Bilen Çözüler
Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady