Madam, bu kommersiýa! Türkmen almalary Orsýetiň bazarlarynda peýda boldy

Bu maglumaty okyjylarymyzyň biri iberdi. Üýtgetmezden çap edilýär. Redaksiýa bilen saýtymyzdaky forma arkaly habarlaşyp bilersiňiz ýa-da biziň hronikatm[at]gmail.com adresimize ýazyp bolar.

———————————

— Meniň dostlarymyň arzuwlary hasyl boldy, türkmen bagbanlary ýetişdiler?! Men olaryň birinji we ikinji prezidente iberen ähli “miwe” proýektlerini bilýärin, Çüli jülgesinde we ýurduň günbatarynda alma, üzüm ýetişdirmegiň nähili peýdaly boljagyny düşündirişleri, Parfiýanyň rowaýatlarda galan erik plantasiýalaryny ýatlaýyşlary ýadymda.

Emma şu geçen ýyllarda we häzir Aşgabadyň bazarlarynda, gynansak-da, men diňe Eýranyň miwelerini satyn alýaryn. Şonuň üçinem şu gün piter bazarynda çüli almalarynyň satylýandygy baradaky reklamany görüp, örän begendim.

Emma golaý baryp, ir ýetişýän tomus almasy ýazgysynyň aşagyndaky miweleriň Orsýetiň günorta künjeklerinde ýetişen ak almalardygyna göz ýetirdim.Bakuwly satyjy maňa reklama ýazgylaryny lomaý söwda ammarynda, bölekleýin satmak üçin arzan haryt satyn alan ýerinden tapandygyny düşündirdi we şol ýerde-de Türkmenistandan getirilen iri almalardan doly çelekleri görendigini gürrüň berdi.

Men ynanyp bilmedim… Çülidäki miwe plantasiýalaryny görüpdim, emma ol ýerde ýetişýän gyş almalary Aşgabadyň bazarlaryna hem giç, diňe güýz aýlaryna çykýardy. Bu ýerde bolsa gürrüň tomus paslynda ýetişýän haryt barada gürrüň gidýärdi. Men öz şübhämi satyjy bilen-de paýlaşdym, ol meni oňlamady: Madam, bu kommersiýa! Islendik harydy onuň amatly ýerinde satmaga çalyşýarlar.”.

Eýsem bu nähili bolýar, adamlary ýapyk ýurtdan goýbermeýärler, emma her hili gadaganlyklara garamazdan, daşaryk önüm çykarýarlar! Hawa, dogrudanam kommersiýa inçe iş, örän inçe iş.

Meniň pikirimçe, TH-nyň redaksiýasyny hem türkmen kommersantlarynyň gerimi geň galdyrsa gerek. Şu sebäpden alyjynyň rugsady bilen surat alyp, gyssagly size iberdim. Aşgabatda eýýäm bir bäri bolamok. Belki-de şu geçen wagt içinde şäher bazarlarynyň ählisini çüli almasyndan dolduryp, indi Orsýetiň demirgazygyny hem üpjün edýändirler?

E.Z.

Ýene degişli makalalar

DURMUŞYŇ MANYSY EZIZ KÖRPELER
Türkmenistanyň prezidentiniň uçarlaryny radardan ýaşyrdylar
Prezidentiň uçary London aeroportunda gondy
http://zamanturkmenistan.com/?p=10332
17.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi
Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)