Madagaskar adasynyň demirgazyk kenaryndaky “daş tokaýlygy” görenleri haýran galdyrýar. “Daş tokaýlygy” adanyň günbatar kenaryndaky meýdany 152 müň gektar bolan Singi-de-Bemaraha goraghanasynyň köp bölegini emele getirýär. Ýiti uçlary bolan beýik gaýalaryň arasynda gezilende özüňi äpet labirintiň içinde ýaly duýýarsyň.
Gaýalaryň beýikligi 70 metre ýetýär.Bu ýerde endemiki jandarlar bolan lemurlar we indriler (babakato) ýaşaýar.Agaçda ýaşaýan bu jandarlar diňe Madagaskarda gabat gelýär.Sebit 1990-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilýär.
Gaýalar örän ýygy ýerleşip, ol ýerde ösümlikler hem seýrek.Beýle gaýalara aýak basmak mümkin däl diýen ýalydyr. Ýerli dilde bu tokaýy “singi” ýagny, “zynjyryň üstünde ýörelýän ýer” diýip atlandyrypdyrlar.
Bu daşly tokaýda hereket etmegiň gaty kyndygyna garamazdan, jahankeşdeler, esasan hem alpinizm muşdaklary gezelenç edýärler.Gaýalaryň arasynda gurlan asma köprüler ajaýyp tebigata ýokardan syn etmäge mümkinçilik berýär.
Hanymjan KURAMBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.