
M23 pitneçileri Demokratik Kongo Respublikasynyň gündogaryndaky strategik Goma şäherini alyp, dartgynlygy hasam güýçlendirdi.
Ýüzlerçe adam BMG-niň gullukçylary bilen bilelikde Ruanda gaçmaga mejbur boldy.
Serhetde ýurduň onlarça esgeri boýun egdi.
Gomanyň tussaghanasyndan gaçanlar boldy; 10 adam öldi, 4.400 tussag gaçdy.
Ýarag sesleri eşidildi, şäherde kärhanalar, dükanlar ýapyldy. Ruanda pitneçilere goldaw berýändigi hakynda günäkärlemelere ýene-de bir gezek sezewar bolan bolsa, resmi Paul Kagame şol habarlaryň hakykaty beýan etmeýäňdigini mälim etdi.
Demokratik Kongo Respublikasynyň hökümeti bolsa serhetlerndäki we howa giňişligindäki dartgynlyklara garamazdan halky asudalyga hem-de agzybirlige çagyrdy.