M.K.Atatürk we onuň türki dünýä hakyndaky pikirleri

M.K.Atatürk we onuň türki dünýä hakyndaky pikirleri

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda size asryň lideri, eden işleri bilen türki dünýäni buýsandyrýan, pikirleri bilen bir asyr soň hem maýa ýaly bize dogry ýoly salgy berýan, beýik şahsyýet M.K.Atatürk we onuň türki dünýä hakyndaky pikirleri, hyýalyndaky türki dünýä we iş ýüzüne geçirmek islänleri hakynda gysgaça maglumat bermek isleýäris.

Atatürk, Türkiýe Respbublikasynyň dörelmeginden başlap hyýalyndaky türki halklaryň jebisligi bilen bagly pikirlerini aç-açan beýan edip, şol ugurda käbir möhüm başlangyçlar edipdir. Şolaryň iň esasysy Elipbiý ynkylaby atlandyrylýan 1928-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň arap elipbiýinden latyn elipbiýine geçmegidir.

Beýleki bir husus bolsa Türk Ojaklary jemgyýetini ýapyp, onuň ýerine Türk dil we Türk taryh guramalaryny döretmegidir.Bu iki başlangyjyň wagtynda edilen iň möhüm başlangyçlardygyny bir asyr soňky nesil görýär we Atatürkiň 100 ýyly öňünden görüp bilen liderdigine şaýatlyk edýäris.

Atatürk, türk milli bileleşiginiň harby ýol bilen däl, eýsem medeni ýakynlyklar arkaly ýola goýulmagyny arzuw edip, giň türki dünýäniň territoriýasynda her bir halkyň şol bir hat we dil arkaly düşünişmegini, jebislikde ýaşamagyny arzuw edipdir.

Onuň şeýle pikir etmegine sebäp bolan iki eser bardy. 1880-nji ýylda Gazanda neşir edilmäge başlanan Ysmaýyl Gaspyralynyň “Terjiman” gazeti Stambulda-da, Bakuwda, Daşkentde, Buharada şäherinde-de okalýardy we terjimesiz düşünilýärdi.

1926-njy ýylda Sowet Soýuzynyň çäginde galan türki halklar latyn elipbiýini kabul edýärler.Onuň ýeke-täk maksady daşarky türki halklar bilen medeni gatnaşyklaryň ýoluny ýapmakdy. İki ýyl soň Atatürk hem ýurtda elipbiýi ynkylabyny amala aşyrýar we latyn elipbiýine geçilýär. Şondan soň Sowet dolanşygy düýpli karar kabul edip, 1935-nji ýyldan başlap laýyt elipbiýiniň öwrenilmegiň kynlygyny öňe sürüp, türki halklar üçin 19 sany elipbiýi düzülýär we şeýlelikde türki milli hem-de medeni jebisliginiň döredilme howpy doly ortadan aýrylýar. Şol döwlet öz çägindäki gruzin, ermeni we ýehudi halklarynyň has çylşyrymly elipbiýlerine hiç hili çäklendirme getirmedi.

Wagtyň geçmegi bilen “Terjiman” gazetini terjimeçisiz okaýan giň sebitiň doganlyk halklary biri-birleri bilen rusça terjimeçi arkaly düşünişýän derejä ýetýär.

Atatürk Türküstandaky doganlarymyzyň elipbiý ynkylabyndan soň umumy medeni gatnaşyklary arkaly aragatnaşyk saklamagyň ortadan aýrylandygyny görýär, emma onuň baky dowam etmejekdigini we hökmany suratda bileleşigiň dörediljek günleriniň geljekdigini görýär hem-de oňa taýýarlyk görülmelidigini ine şu sözler bilen beýan edýär: “Şu günki günde Sowet Soýuzy biziň dostumyz, ýaranymyz.

Bu dostluk biziň üçin möhüm.Emma ertir näme boljagyny hiç kim bilip bilmez.Osman döwleti, Awstriýa-Wengriýa ýaly bölünip, dargap biler.Gysymyndaky halklar erkinligini alarlar.Dünýäde täze ulgam emele gelip biler.

Ine şol wagt Türkiýe näme etjekdigi bilmeli.Biziň dostumyzyň edarasynda ynanjy, dili, özeni bir doganlarymyz bar.Olara eýe çykmak üçin taýýar bolunmaly.Taýýar bolmak diňe şol güne çenli garaşmak däldir.

Taýýarlyk görülmeli.Halkar oňa nähili taýýarlanýar?Ruhy köprülerimi berkidilmeli.Dil şol köprülerden biri.Taryh beýleki biri.Kök alýan taryhymyzda jebisleşmeli.Türki halklaryň bize ýakynlaşmagyna garaşmalyň, biz olara ýakynlaşmaly.”

Şeýlelikde demir kapasada galan türki halklar häzirki wagtda garaşsyz döwletler boldular. Türkiýäniň öňbaşçylygynda ençeme bileleşikler döredildi, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Geljekki ýyllarda açylan gatnaşyklaryň saýasynda medeni bileleşik hem, dil bitewiligi hem dörediler diýlen arzuw bilen gepleşigimizi geçirip gutarýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye şu ýylyň ilkinji 6 aýynda syýahatçylykdan 23,7 milliard dollar girdeji aldy
“Sebitimiziň Gan Kölüne Öwrülmegine Rugsat Bermeris”