Lýuis Hemilton Saud Arabystanynyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

Lýuis Hemilton Saud Arabystanynyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Ikinji orny “Red Bullda” çykyş edýän niderlandiýaly Maks Ferstappen eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Mersedesden” finlýandiýaly Waltteri Bottas geldi.

Bu ýeňiş Hemiltona dünýä çempionatynyň umumy sanawynda utuk boýunça Ferstappen bilen deňleşmäge mümkinçilik berdi. Sürüjileriň ikisinde-de 369,5 utuk bar. Üçünji orny Bottas eýeleýär (218). Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Mersedes” (587,5 utuk), ikinji orny “Red Bull” (559,5), üçünji orny “Ferrari” (307,5) eýeleýär.

Şahsy hasapda we Konstruktorlaryň kubogynda çempion titulynyň ykbalynyň iň soňky tapgyrda çözülýän ýagdaýy 2008-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolar. Şonda titula Hemilton bilen “Ferrariniň” braziliýaly sürüjisi Felipe Massa, Konstruktorlaryň kubogyna “Maklaren” bilen “Ferrari” dalaş edipdi. Braziliýanyň Gran-prisinde Hemilton ilkinji gezek çempion boldy, “Ferrari” bolsa topar sanawynda utdy.

Saud Arabystany “Formula-1” tapgyryny ilkinji gezek kabul edýär. “Formula-1-iň” iň soňky, 22-nji tapgyry 10 12-nji dekabrda Abu-Dabide geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy