Lyong Kyong Wýetnamyň Prezidenti boldy

Lyong Kyong Wýetnamyň Prezidenti boldy

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Milli Ýygnagy (bir palataly parlament) ýurdy dolandyryjy Kommunistik partiýanyň Merkezi Komitetiniň hemişelik agzasy, goşun generaly Lyong Kyogny ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady. Bu baradaWýetnamyň habarlar agentligine salgylanýan TASS habar berdi.

Parlamentiň gözegçilik komissiýasynyň maglumatlaryna görä, 67 ýaşly Kyonguň döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagyny ýygnaga gatnaşan deputatlaryň 440-si (deputatlaryň umumy sanynyň 91 göterimden gowragy) biragyzdan oňlady.

Milli Ýygnak degişli kararnama kabul edenden soňra Lyong Kyong kasam kabul eder. Öňki Prezident To Lam Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň täze baş sekretary boldy hem-de şunuň bilen baglylykda, Prezidentiň wezipesine terk etdi.

Kyong 67 ýaşynda, ol 1975-nji ýylda harby güýçlerde gulluk edip başlady we dürli ýokary harby wezipelerde işledi.

Ýene degişli makalalar

Wýetnamyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Wýetnamyň Prezidenti ýurduň dolandyryjy partiýasynyň baş sekretarlygyna saýlandy
Wýetnam täze baş sekretaryny saýlady
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretarynyň aradan çykmagyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Wýetnamyň täze Prezidenti