Luwrda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçiriler

Luwrda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçiriler

Dünýädäki iň uly we meşhur sungat muzeýleriniň biri bolan Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu sergini guramak meseleleri türkmen we fransuz hünärmenleriniň arasynda penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen ýygnagyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Parižiň Luwr muzeýinde guraljak sergide türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iş alyp barýan Ulugdepe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklar goýlar.

Şeýle-de türkmen tarapynyň taýýarlan bu taslamasy we ony amala aşyrmagyň tapgyrlary bilen baglanyşykly konsepsiýasyna garaldy. Gepleşikleriň dowamynda sergini guramagyň ugurlary, ady we onda goýuljak gymmatlyklar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Medeni gymmatlyklar boýunça hünärmen, Luwruň gadymy dünýä bölüminiň işgäri Agnez Benua Aşgabatda arheologiýa boýunça geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşandygyny, bu serginiň ýurtlaryň muzeýleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini hem-de muzeýiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan zerur işleri guramak boýunça resminamalar toplumynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Luwr bu diňe bir ajaýyp arhitektura ýadygärligi bolman, eýsem ol fransuz korollarynyň köşgi, dünýäniň iň abraýly adygan muzeýleriniň biridir. Meşhur italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň dünýä belli eseri “Mono Liza” (Džokonda) hem Luwrda goýlan we ol bu muzeýiň merjeni hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

В ТУРКМЕНИСТАНЕ СОСТОЯЛАСЬ МЕЖДУНАРОДНАЯ КОНФЕРЕНЦИЯ, ПОСВЯЩЁННАЯ ИСТОРИКО-КУЛЬТУРНЫМ ПАМЯТНИКАМ
Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi
Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Parižiň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar
Parižiň Luwrunda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar
“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi