29-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy.
Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda hukuk kadalaryna hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm şert bolup durýar.
Işewür Türkmenistanda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen öňden gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu pudaga innowasion häsiýetli, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady, bu ugurda Russiýanyň iri kompaniýasy oňyn tejribe toplady.
Işewür hormatly Prezidentimizi “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň häzirki wagtda ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, bildirilýän ynam üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.
“Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň geljekde hem üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.