Russiýanyň “Lukoil” nebit-gaz kompaniýasy 2022-nji ýylyň ahyrynda Hazar deňzinde “Graýfer” adyndaky ýatagy işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň wise-prezidenti Pawel Ždanowyň maýadarlar bilen geçiren telekonferensiýasynda aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi.
“2022-nji ýylyň ahyryna çenli “Graýfer” adyndaky işe girizmegi meýilleşdirýäris” diýip, P.Ždanow belledi.
Habarda bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň Russiýa böleginde ýerleşýän ýatakdan önümçilik derejesiniň ýylda 1,2 million tonna nebit bolmagyna garaşylýar.
“Lukoil” 1995-nji ýyldan bäri Demirgazyk Hazarda geologiki gözleg işlerini we 1999-njy ýyldan bäri çuňňur burawlama işlerini alyp barýar. Umuman alanyňda, “Lukoil” kompaniýasy Hazar deňzinde 7 milliard barrele barabar bolan nebit ekwiwalentiniň umumy dikeldilip bilinýän uglewodorod ätiýaçlyklary bolan 10 ýatagy tapdy.
Şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen Aşgabatda duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Hazar sebitiniň nebit-gaz serişdelerini özleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.