Lukmanyň maslahaty: deriňiziň aladasyny edýän bolsaňyz...

Lukmanyň maslahaty: deriňiziň aladasyny edýän bolsaňyz...

Endokrinolog Albina Komissarowa diňe iýmitiň däl, eýsem idegiň hem deriniň ýagdaýyna täsir edýändigini habar berýär. Ilki bilen barlanylan usullar arkaly deriňize ideg etmeli, diňe şondan soň iýmitleriňiziň arasynda zyýanly önümleri aýyrmaly. Bu barada tdnu.ru belläp geçýär.

Lukman suwy ortaça ýagdaýda içmelidigini düşündirýär:

Şekeri seresaplylyk bilen kabul etmeli.Glýukozanyň artykmaç mukdary düwürtikleriň döremegine getirýär.Mundan başga-da, şeker kollagen süýümlerini birleşdirýän maddalaryň emele gelmegine sebäp bolýar, şonuň netijesinde deri özüniň çeýeligini ýitirýär.

Alkogol içgilerini aşa köp içmek psoriazyň (hroniki çişme deri keseli) ýa-da deri rak keseliniň döremegine getirip biler.Lukmanyň bellemegine görä, glýuten önümleri deriniň ýagdaýyna hiç hili täsir etmeýär.

Süýt önümleri hem düwürtigiň döremek howpuny ýokarlandyrýar.Munuň üçin süýt, kefir we ýogurt ýaly iýmitleri az peýdalanmaga çalyşmaly.

Ýene degişli makalalar

FAO: azyk önümleriniň bahasy bäş aý bäri arzanlaýar
Tomus içimlikleri
FAO: noýabr aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
Reflýuks
Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
Tomus içimlikleri