Lukmanlar miwe iýmek üçin iň amatly wagty aýtdylar

Lukmanlar miwe iýmek üçin iň amatly wagty aýtdylar

Bilermenler her gün miwe iýmegiň zerurdygyny, sebäbi olarda bedeniň özüni gowy duýmagyna kömek edýän witaminleriň köpdügini belleýärler. Şonuň üçin gündelik iýmitiň düzümine miweleri goşmak hökmandyr. Ýöne miwäni nädogry wagtda iýmek bedene zyýan berip biler diýip, cursorinfo.co.il habar berýär.

Hünärmenler güni bir bulgur ýyly suw we miwe bilen başlamagy maslahat berýärler. Ýöne ertirligi şuňa düzmezden ozal, kaloriýa deňagramlylygynyň saklanylýandygyny anyklamaly. Şeýle hem ganyň şeker derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyndan ägä bolmaly.

Adam köplenç ertirlik bilen günortanlyk naharlarynyň arasynda ajygyp başlaýar.Birneme sitrus miwesi we bir käse gök çaý ep-esli wagtlap özüňi dok duýmaga kömek eder diýip, India TV News belleýär.

Klassiki deserti miwe bilen çalyşmak has gowy bolar.Gawunyň, ananasyň we mangonyň düzüminde şeker bar, ýöne şonda-da ol özüňi kadaly saklamaga kömek edýär.Fiziki işjeňlikden öň we soň - miwe iýmek üçin amatly wagt hasaplanýar.

Mysal üçin, banan - türgenleşikden öň, pyrtykal ýa-da alma bolsa türgenleşikden soň güýç-kuwwat berýär. Şeýle-de bolsa, gijesine miwe iýmek maslahat berilmeýär.Sebäbi ol bedeniň energiýasyny köpeldýär.

Bu bolsa adama uklamaga päsgel berýär we ukynyň tertibini bozýar.

Ýene degişli makalalar

Delini çabga basdy
Buharadaky festiwala müň tonnadan gowrak gawun-garpyz getirildi
Krossword4
Onlaýn krossword №2
Lebapda ýeralma ekip, döwlete bergili çykan kärendeçiler kösenýär
Sergi merkezinde döredijilik pikirleriniň dürli öwüşginli eserleri görkezilýär