Podmoskowýeli pensioner zenan gowy eşitmeýändigi sebäpli lukmanlara ýüz tutanda, ömürboýy diýen ýaly gulagy monjukly ýaşandygyny bildi. Bu barada Moskwa oblastynyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Ýagny oblastyň Widnowsk hassahanasyna 81 ýaşly ene ýüz tutdy. Ol gulak-bokurdak lukmanyna sag gulagynyň eşidişiniň ýaramazlaşandygyndan nägilelik bildirdi. Lukman gulagy barlanda, ol ýerden monjuk tapdy, ol monjugy ýörite gaňyrçak bilen çekip aldy.
Monjugy synlan ene bäş ýaşyndaka boýnundaky dür düzüminiň üzülendigini, şondan ondaky monjuklaryň birini näçe gözleseler-de, tapmandyklaryny ýatlady. Ol indi diýseň gowy eşidýändigini aýdyp, lukmana minetdarlyk bildirdi hem-de monjygy ýadygärlik üçin ýanyna aldy.