Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnaly dörediler. Žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Onda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler.
Bu barada 29-njy noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi hödürledi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. /* custom css */ .td_uid_15_674b008935e84_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674b008935e84_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }