Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

Stokgolmda Nobel hepdeligi badalga aldy. Baýragyň Geňeşi fiziologiýa we lukmançylyk ugry boýunça ilkinji ýeňijini mälim etdi. Ol Swante Paabo, alym baýraga ölüp ýok bolan gominidleriň genomyna we adamyň ösüşine dahylly açyşlary üçin mynasyp boldy.

Nobel Geňeşiniň wekilleri Swante Paabonyň ölüp tükenen gominidleriň— Denisowyň adamlarynyň barmak süňkünden alnan genetiki maglumatlara esaslanyp, haýran galdyryjy açyş edendigini gürrüň berdiler.

Alym şeýle-de bu görnüşden genleriň Homo sapiense geçendigini subut etdi, bu genler häzirki günde adam organizmine, şol sanda ýokançlara garşy göreşmekde immun ulgamyna täsir edýärler.

Ýene degişli makalalar

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy adam ewolýusiýasy boýunça gözlegler üçin berildi
“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
Londonda 7 golly duşuşyk we soňky ýarym finalçy belli boldy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy