Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy täze reseptorlaryň açylyşy üçin berildi

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy täze reseptorlaryň açylyşy üçin berildi

2021-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk pudagynda Nobel baýragynyň eýeleri Dewid Julius we Ardem Pataputýan boldy. Baýrak temperatura we ýanaşma täsirlenýän reseptorlaryň açylyşy üçin berildi. Bu barada Nobel komiteti öz saýtynda habar berýär diýip, TASS belleýär.

Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, laureatlar organizmiň ýylylygy, sowugy we ýanaşmany duýmagyna kömek edýän nerw impulslarynyň nähili işjeňleşýändigini anykladylar. Bu prosesler adamyň daşky dünýä bilen özara gatnaşygynyň esasyny düzýär we onuň ýaşamagy üçin möhümdir.

Julius San-Fransiskodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň fiziology. Ol mentola, gorçisa ýagyna we ajy burçuň düzüm bölegi bolan kapsaisine täsirlenýän reseptorlaryň gözlegleri bilen meşhurdyr. Pataputýan Skrippsiň Ylmy-barlag institutynyň biology, ol derä we içki organlara ýetýän mehaniki täsire täsirlenýän reseptorlaryň täze toparyny ýüze çykardy.

2020-nji ýylda Julius bilen Pataputýan bilelikde şular ýaly kesgitlenen pikir bilen neýro ylymlary pudagynda Kawli baýragyny aldylar. Geçen ýyl gepatit C wirusynyň açylyşy üçin bu nominasiýada baýragyň eýeleri Harwi Olter, Çarlz Raýs we Maýkl Houton boldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň öňdebaryjy täjirçilik şäherleri
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň başynda sapar bilen Türkiýe Respublikasyna barar, Türkmenistan Owganystandaky Saglyk öýüniň abatlaýyş işlerini geçirdi, Aşgabada Uly Moskwa sirki geler
APEK-iň ýolbaşçylar ýygnagy geçirildi
Lionel Messi sporta we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time kompaniýasyny esaslandyrdy
Nýu-Ýork ABŞ-nyň ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriniň reýtinginde bäşinji orny eýeledi
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi