Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy adam ewolýusiýasy boýunça gözlegler üçin berildi

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy adam ewolýusiýasy boýunça gözlegler üçin berildi

2022-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy şwesiýaly biolog Swante Pebu berildi. Bu barada Stokgolmyň Karolinsk institutynyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Alym “ölüp gutaran gominidleriň (şol sanda homo sapiens-i hem öz içine alýan primatlar maşgalasy) genomy we adam ewolýusiýasy ugrundaky açyşlary üçin” bu baýragyň eýesi boldy. Öz gözlegleri bilen Pebu ylmy dünýäde mümkin däl ýaly görünýän zady ýerine ýetirmegi neandertalyň genomyny sekwenirlemegi başardy. “Şeýle-de, ol öň näbelli bolan gominidiň Denisowa adamynyň sensasion açyşyny etdi” diýlip, komitetde bellenildi. Şwesiýaly biolog genleriň ölüp gutaran gominidlerden homo sapiens-e geçmeginiň 70 müň ýyl ozal Afrikadan göçenlerinden soň bolup geçendigini anyklady.

Häzirkizaman adamlarynda bu genler onuň immun ulgamynyň ýokanja nähili täsirlenýändigini kesgitleýär.Pebunyň gözlegi düýbünden täze ylmy dissiplinany paleogenomikany döretdi.Swante Pebu ewolýusiýa genetikasy boýunça hünärmen.Ol 1955-nji ýylda Stokgolmda dünýä indi.

Pebu genetiki usullaryň kömegi bilen ilkinji adamlary we gominidleri öwrenmek bilen meşgullanýan paleogenetikany esaslandyryjylaryň biri.Ol bu ugurda işe 1984-nji ýylda Ýewropa muzeýleriniň ýygyndylaryndan gadymy Müsür mumiýalaryny öwrenmek bilen başlady. 1985-nji ýylda taryhda ilkinji gezek mumiýadan genetiki material aldy. 2010-njy ýylyň mart aýynda Pebunyň gözleg topary Altaýdaky Denisowa gowagynda tapylan bölekden DNK-ny öwrenip, gadymy döwürde gominidleriň öň belli bolmadyk görnüşiniň denisowa adamynyň bolandygy baradaky netijä geldi.

Pebu Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, Fransiýanyň Ylymlar akademiýasynyň we Londonyň Patyşalyk jemgyýetiniň agzasy.Baýrak gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň ýogalan güni geçiriler.

Pul baýragynyň möçberi 10 mln krona barabar. Şwesiýanyň walýutasynyň gowşamagy sebäpli, bu häzirki hümmet boýunça 900 müň dollardan sähel geçýär.

Ýene degişli makalalar

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy
Russiýada telefonlardan we telewizorlardan ýol gurlup başlandy
Russiýa bilen BAE-niň arasynda haryt dolanyşgy artýar
Denis Prosenkonyň kakasy türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi
Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar
Ukrainada Dikuçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Soňky Ýoluna Ugradyldy