Lukman yssyda uky basmarlamasyny nädip ýeňmelidigini maslahat berdi

Lukman yssyda uky basmarlamasyny nädip ýeňmelidigini maslahat berdi

Yssy howada häli-şindi uklasyň gelýär, bu bedende fiziologik işiň haýallaýandygy bilen baglydyr diýip, russiýaly lukman-terapewt Tatýana Romanenko gürrüň berdi.

Hünärmeniň sözlerine görä, adam organizmi howanyň ýokary temperaturasyna uýgunlaşmakçy we sowamakçy bolýar, şonuň üçin ýylylyk işläp çykaryjylyk pese gaçýar.

Hatda asuda ýagdaýda, ýagny hereketsizlikdekä hem, adam energiýa bölüp çykarýar. Eger köçede yssy bolsa, bu işi peseltmek wajypdyr. Munuň üçin adam bedeni gan aýlanyşyny we ýürek urşuny haýalladýar. Hut şu ýagdaý sebäpli hem uklasyň gelýär. Bu öz-özüňi goramagyň düzgünidir diýip, lukman aýdýar.

Ukyçyllygy ýeňmek üçin köpräk suw içmeli. Bedene suw näçe köp barsa, biz şonça-da köp derleýäris we bu biziň bedenimiziň sowaýandygny aňladýar. Şonda uky hem bizi terk edýär diýip, lukman-terapewt Tatýana Romanenko nygtady.

Bu barada MIR 24 ýazýar

Ýene degişli makalalar

Asylly işler rowaçlyklara beslenýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Er-Riýadda Bitewi suw sammitine gatnaşdy
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda, Gazagystanda gurnalan kameralar ýitip barýan pars barslaryny surata aldy
Bizi bagyşla!
Raşid Meredow BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi