Berhiz lukmany Alekseý Kowalkow suw içmek bilen baglanyşykly käbir ynançlary inkär etdi. Tmcars.info RIA Nowosti agentligine salgylanyp, hünärmeniň suw içmek bilen bagly maslahatlaryny okyjylara ýetirýär.
Ilki bilen, hünärmen günde hökman iki litr suw içmeli diýlen zadyň ýokdugyny, munuň bary-ýogy toslamadygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, adam suw içesi gelende, bedende deňagramlylygy saklamak üçin zerur bolanyndan artyk suw içmeýär. Şonuň üçin özüňe artykmaç zor salmagyň geregi ýok. Diňe suwsan mahalyň gijikdirmän suw içmek ýeterlik. Suw bilen baglanyşykly ýene bir umumy ynanç: suwuklyklar açlygy kanagatlandyryp bilermi?
Hünärmeniniň pikiriçe, suw bilen baglanyşykly üçünji bir ynanç, ýagny nahardan öň suw içmegiň peýdalydygy - ýalňyş düşünje. Hünärmen suwuň iýmit siňdiriş üçin zerur fermentleri "ýuwup aýyrýandygyny" aýdýar we suwy nahara başlandan bäş minut soň içmegi maslahat berýär.