Russiýaly endokrinolog-lukman Natalýa Tanakino keýpiňi gowulandyrýan azyk önümlerini sanady, olar gatyk, arassa ýogurt we duzlanan kelem diýip, MIR24 ýazýar.
Bu önümler probiotikleri özünde saklaýar, olar öz gezeginde beýniniň işini kadalaşdyrýar, aşgazanyň işine oňyn täsir edip, adamyň emosional halyny gowulandyrýar.
Lukman şeýle-de stress wagty adamlaryň köplenç ýagly we süýji iýmiti saýlaýandyklaryny belledi. Emma şunda saglyk üçin düzüminde janly mikroorganizmler bolan azyk önümleri peýdalydyr. Olar aşgazanyň işine ýaramly bolup, şatlyk gormonyny serotonini işläp çykarýarlar.
Lukman şeýle hem bananyň keýpiň çaglanmagyna täsir edýändigini nygtady, onuň düzüminde şeker, kletçatkalar we В6 ýokumy bar.