Lukman gyz atly täze oýun sahnalaşdyrylýar

Lukman gyz atly täze oýun sahnalaşdyrylýar

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda režissýor Bilbil Mämmedowyň Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda goýan aýdym-sazly Lukman gyz atly gülkili oýny sahnalaşdyrylýar.

Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berlişi ýaly, täze oýunda lukmançylyk ugrunda ýokary okuw mekdebinde bilim alan Jennet atly ýaş hünärmen obasyna dolanyp gelýär. Bu obada onuň göwün beren ýigidi ýaşaýar. Günleriň bir güni lukman gyz sport lybasyny geýip ylgamak üçin obanyň içine çykýar.

Jennediň sport lybasynda ylgamaga çykanyny gören Näzik daýza, geň galmak bilen öz ýanyndan oňa ýakymsyz sözleri aýdyp, ony ogluna gelin edip almaga utanýar.

Bir gün hem Näzik daýzanyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar. Onuň saglygynyň dikelmegi üçin Jennet elinden gelenini gaýgyrmaýar. Näzik daýza tiz wagtda aýak üstüne galýar. Lukman gyz Näzik daýza her gün ir bilen maşk etmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy maslahat berýär.

Näzik daýza şypahanadan bejergi alyp öýüne dolanyp gelýänçä, tutuş oba irki ylgawa endik edinýär. Muňa geň galyp, il gözünden utansada Näzik daýza hem eýwanynyň tutularyny mäkäm ýapyp, maşklary edip başlaýar. Şeýlelik bilen, ol öz ogluna Jennedi gelin edip almak baradaky karara gelýär.

— Täçmyrat Repbimow pýesalaryny sada hem düşnükli ýazýar. Ol gahrymanlarynyň sözlerini durmuşdan alýar. Oba adamlarynyň durmuşyndan söz açýan wakalar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreder — diýip, Bilbil Mämmedow gürrüň berýär.

Täze sahna eserinde Mämmet Hydyrowyň aýdym-saz bezegi we Hudaýberen Gylyjowyň horeografik sazlary esasynda goýlan tansly çykyşlaryň agdyklyk etmegi oýnuň täsirini has-da artdyrar.

Belläp geçsek, Täçmyrat Repbimowyň Lukman gyz pýesasy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedow tarapdan sahnada goýlan ikinji işdir. Onuň Ajaýyp suratlar pýesasy boýunça sahnada goýan ilkinji işi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan tomaşaçylara görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Aşgabatda Kalp tary atly täze sahna eseriniň görkezilişi boldy
8-nji martda Mähriban dideler atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar
Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady