Çilim çekmek birgiden keselleriň ýitileşmegine sebäp bolýar, olaryň köpüsi bolsa ölüm howpludyr diýip, russiýaly psihoterapewt-lukman Timur Mutaliýew gürrüň berdi.
Lukman her ýyl çilim çekmekden alty million adamyň heläk bolýandygyny ýatlatdy. Ortaça alnanda, bu ýaramaz endik adamyň ömrüni on ýyl kemeldýär. Lukman çilimkeşlikden döreýän keselleriň hatarynda öýken düwnügini, dem alyş ýollarynyň sökelliklerini, ýürek kesellerini görkezdi. Şeýle-de çilimkeşlik kerligiň, körlügiň, damar we beýleki keselleriň ýitileşmegine sebäp bolýar. Ol önelgesizlige hem eltip bilýär.
Şonuň üçin Mutaliýew iň oňat çykalga hökmünde haýsy ýaşda başlandygyňa we näçe ýyl çekendigiňe garamazdan, çilim çekmegi taşlamagy maslahat berdi diýip, MIR24 ýazýar.