Lukaşenko wezipesinden gidenden soňra näme bilen meşgullanjakdygyny gürrüň berdi

Lukaşenko wezipesinden gidenden soňra näme bilen meşgullanjakdygyny gürrüň berdi

Belarussiýanyň ýaşaýjylary haçan-da bolsa bir wagt Respublikanyň täze Prezidentiniň boljakdygy baradaky pikire öwrenişmelidirler diýip, ýurduň döwlet Baştutany Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Ol özüniň şonda oba ýaşamaga gitjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Siz Prezidentiň başga adam boljakdygyna öwrenişmelisiňiz. Ýok, men sizi alaga-da ertir taşlaryn diýjek bolamok. Ýöne durmuşda hemme zat bolup bilýär diýip, Lukaşenko Gorodişşe agrar-şäherçesiniň ýaşaýjylary bilen duşuşyk wagty aýtdy.

Ol muny özüne 2025-nji ýylda geçjek täze Prezident saýlawlaryna gatnaşmak pikiri barada sowala jogap berende aýtdy diýip, ýurduň neşirlerine salgylanýan Ria.ru ýazýar.

Belarusyň Prezidenti şeýle-de özünden soňra asuda, parahat ýurduň miras galmalydygyny sözünde nygtady. Soňra ol obada ýerleşmekçi, belaruslar bolsa, ony ýatlarlar we durmuşyň erbetleşmändigi üçin minnetdarlyk bildirerler.

Lukaşenkonyň awgustyň ahyrynda 70 ýaşy dolýar. Ony ilkinji gezek ýurduň Prezidenti wezipesine 1994-nji ýylyň 10-njy iýulynda saýladylar. Ol 2001-nji ýylda ikinji möhlete saýlandy. 2004-nji ýylda geçirilen sala salşykda Prezident möhletleriniň sanynyň çäklendirilmegi ýatyryldy. Ondan soňra Aleksandr Lukaşenko 2006, 2010, 2015 we 2020-nji ýyllarda saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Zimbabweniň Prezidenti Lukaşenkony örän ýaş doganym diýip atlandyrdy
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Lukaşenko nobatdaky Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar berdi
Belarussiýanyň Daşary işler ministrligi resmi taýdan "BRICS hyzmatdaşy" bolandyklaryny aýtdy
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Lukaşenko saýlawlara gatnaşmakçy
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi