Lukaşenko Wagneriň Suwalki geçelgesiniň golaýyna barandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy

Lukaşenko Wagneriň Suwalki geçelgesiniň golaýyna barandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy

Belta habarlar agentligi tarapyndan berilen habara görä, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Günbatarly syýasatçylaryň Wagner söweşijileriniň Suwalki geçelgesini basyp almak meýilnamasynyň bardygyny öňe sürüp, aladalanmaga başlandyklaryny belledi.

"Suwalki geçelgesi Belarussiýada däl. Bu geçelge boýunça ýa-da geçelgä tarap hereket etmeýäris. Eýýäm 1 müň ýyl bäri oňa zerurlygymyz ýok. Esasy zat asuda bolmak" diýip aýdan Lukaşenko, şol bir wagtda Belarussiýanyň harby birikmelerini özüne amatly ýagdaýda öz territoriýasynda hereket etdirjekdigini habar berdi.

Aleksandr Lukaşenko Wagner söweşijileriniň tejribelerine esaslanyp, meýilnamanyň çäginde goranyş liniýasyny emele getirendiklerini mälim etdi.

Wagner toparynyň Polşa gezelenje gitmek isleýändigi barada ozal berilen beýanatyň üstünde durup geçen Lukaşenko, onuň degişmedigini beýan etdi.

Lukaşenko Polşanyň Ržeşuw şäherinden ugradylan ýaraglar bilen Bahmutda müňlerçe Wagner söweşijisiniň ölendigini, şol sebäpli şol söweşijileriň Polşa garşy gaharlydygyny aýan etdi.

Wagner toparynyň Polşa geçemeginiň özleriniň böwet bolýandygyna ünsleri çeken Lukaşenko, Warşawanyň şol sebäpli özlerine minnetdarlyk bidirmelidigini habar berdi.

Wagner söweşijilerine Russiýadaky gozgalaňda özleriniň howpsuzlyk kepilligini berip, bolmagy ähtimal içerki uruşyň öňüni alandyklaryny aýdan Lukaşenko, bu söweşijileriň tejribelidiklerini we indi bolsa mugt ýagdaýda öz tejribelerini belarussiýaly harbylara geçirýändiklerini mälim etdi.

Suwalki geçelgesine tarap gitmek üçin Wagner toparyndan 100 söweşijiniň hereket etmändigini aýdan Lukaşenko, emma gerek bolan halatynda toparyň Brest we Grodno şäherlerindäki Belarussiýaly harbylara tälim bermek üçin hereket etdirip biljekdiklerini belläp: "Bu adamlar Belarussiýanyň merkezindäki Osipowiçiniň golaýyndadyrlar we hiç bir ýere gitmeýärler. Olar buýruklary ýerine ýetirmäge öwrenişipdirler" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi
Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi
Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy şa zenan Mikasa aradan çykdy
Lukaşenko: Belarusa Ediljek Hüjüm 3-nji Jahan Urşy Bolar
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler