Üç günlük resmi saparynyň çäginde paýtagt Yslamabatda bolýan Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif we wekiliýetleri Pakistanyň Hökümet binasynda geçirilen dabara gatnaşdylar.
Dabarada oba-hojalygy, senagat, goranyş, ykdysadyýet, ylym, tehnologiýa, gümrük, daşky gurşawy goramak we saglygy goraýyş ýaly birnäçe ugurda 15 ylalaşyga we ähtnama gol çekildi.
Şeýle hem iki ýurt jenaýatçylaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler.
Lukaşenko we Şarif, dabarada sözlän sözünde potensial hyzmatdaşlyk ugurlaryna üns çekip, syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini beýan etdiler.
Pakistanyň Premýer-minbistri Şarifiň çakylygyna laýyklykda üç günlük resmi saparda bolýan Lukaşenko, köp sanly işewür adamlaryň hem degişli bolmagyndaky 70 adamdan ybarat wekiliýet bilen saparyny dowam etdirýär.
Belarusyň wekiliýetiniň düzüminde energetika, adalat, ulaglar, aragatnaşyk, tebigy serişdeler, daşky gurşawy goramak, adatdan daşary ýagdaýlar ministrleri bilen harby senagat komitetiniň ýolbaşçysy hem bar.