
Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2025-nji ýylyň ýanwarynda geçjek ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärlik etmekçidigini habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Hawa, Olýa, gatnaşmakçy diýip, Lukaşenko Russiýa-1 teleýaýlymynyň 60 minut gepleşiginiň alypbaryjysy Olga Skabeýewa bilen söhbetdeşlikde nygtady.
Belarusuň Parlamentiniň aşaky palatasy ýurduň döwlet Baştutanynyň nobatdaky saýlawlaryny öňdäki ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirmek barada karar kabul etdi. Saýlawlaryň geçiriljek wagty baradaky teklip bilen Belarusuň Merkezi saýlaw topary çykyş etdi.