Lukaşenko: Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky özara gatnaşyk tejribesi mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin esas bolar

Lukaşenko: Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky özara gatnaşyk tejribesi mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin esas bolar

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowy döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Belarusyň lideri Minsk bilen Aşgabatyň arasyndaky özara gatnaşyk tejribesiniň mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasyna öwrüljekdigini aýtdy.

Sowet Soýuzy bes edilenden soňra, umumy taryhymyza esaslanyp, biziň ýurtlarymyza dostlukly gatnaşyklary saklamak bilen birlikde, ençeme pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy, täze gatnaşyklary ýola goýmak başartdy. Minsk bilen Aşgabadyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýylyň dowamynda toplanan oňyn tejribesiniň Belarus Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdürilmegi üçin esas boljakdygyna ynanýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde egsilmez güýç-kuwwat, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin! diýlip, Aleksandr Lukaşenkonyň Gutlagynda bellenilýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1993-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýola goýlandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Putin iki günlük resmi sapar bilen Minskä bardy
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Belarussiýanyň Daşary işler ministrligi resmi taýdan "BRICS hyzmatdaşy" bolandyklaryny aýtdy
“Biz Ukraina Bilen Parahatçylyk Gepleşikleriniň Geçirilmegine Taýar”
Türkmenistanlylaryň Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gözi gidýär' - synçy
Türkmenistanlylar Belarusyň giňeldýän wizasyz gatnaşyklaryna 'gultunyp' seredýärler - synçy
Lukaşenko resmi sapar bilen Özbegistana bardy