Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmenistanlylary şu gün bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
Belarus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezident A.Lukaşenko öz gutlagynda Garaşsyz Türkmenistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine gowy düşünýändigini, iş ýüzünde sebit we dünýä derejesinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmäge kömek edýändigini aýtdy.
Miniski bilen Aşgabatyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.Biziň özara bähbitli stretegik hyzmatdaşlygymyzda birek-biregiň erk-islegine hormat goýmak möhüm ähmiýete eýedir.Munuň özi hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.
Aleksandr Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bitarap Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.