Lukaşenko meýilleşdirýän daşary ýurt saparlary barada gürrüň berdi

Lukaşenko meýilleşdirýän daşary ýurt saparlary barada gürrüň berdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko özüniň meýilleşdirilen daşary ýurt saparlarynyň birnäçesiniň ýylyň ahyryna süýşürilendigini gürrüň berdi. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Belarusuň döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, ol 30-njy noýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde geçjek Howa boýunça sammite gatnaşmakçy.

Ýyl dartgynly boldy, esasan hem tomus-güýz döwründe. Biz saparlarymyzyň birgidenini has gijräge, gyşa süýşürdik. Şonuň üçin biraz içgysma hem duýulýar. Men golaý wagtda Dubaýda geçjek Howa boýunça sammitde Afrika döwletleriniň käbiriniň Prezidentleri bilen duşuşyp, olar bilen gepleşikleri ylalaşarys diýip garaşýaryn diýip, Lukaşenko düşündirdi.

Ol Belarusuň Afrika ýurtlary, şol sanda Zimbabwe we Ekwator Gwineýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini hem nygtady.

Ýene degişli makalalar

Zimbabweniň Prezidenti Lukaşenkony örän ýaş doganym diýip atlandyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy