Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi

Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi

Belarussiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarussiýanyň Belta habarlar agentligine beýanat berdi.

Belarussiýanyň goşunyny söweşmek üçin serhetden çykarmajakdyklaryny aýdan Lukaşenko: "Ýurtdan çykmak barada buýruk berilmedi we bolmaz. Diňe erbet niýet bilen bize gelseler söweşeris. Şolar ýaly" diýip habar berdi.

Ukrainanyň daşary işler ministrligi Belarussiýanyň türgenleşik ady bilen serhetde esgerleri we harby enjamlary ýygnaýandygyny belläp, serhet bozulan halatynda ähli harby bölümleriniň we desgalarynyň goşun tarapyndan nyşana alynjakdygy barada duýduryş berdi.

Beýleki tarapdan, Belarussiýanyň Goranmak ministrligi 26-njy awgustda türgenleşik üçin raketa we artilleriýa bölümleriniň Russiýa iberilendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi
Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy şa zenan Mikasa aradan çykdy
Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar