Lukaşenko Belarusuň Prezidenti wezipesinden gitmäge taýýarlanýar

Lukaşenko Belarusuň Prezidenti wezipesinden gitmäge taýýarlanýar

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň ýaşaýjylaryny geljekde özüniň döwlet Baştutany wezipesinden gitmegine taýýarlaýandygyny habar berdi. Bu barada ol Rossiýa-1 teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Men adamlary muňa taýýarlaýaryn. Biz öňräk Konstitusiýany özgerişliklere laýyklykda üýtgetdik. Biz şu geçen ýyllarda örän köp işleri durmuşa geçirdik. Kime ýarar, kime ýaramaz, emma adamlar umuman alnanda, özlerini oňat duýýarlar diýip, Lukaşenko söhbetdeşlikde nygtady.

Öň, 10-njy awgustda Belarusuň lideri ýurduň Gorodise agro-şäherjiginiň ýaşaýjylarynyň 2025-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygy barada sowalyna Respublikanyň ýaşaýjylarynyň täze Prezidentiň ýurdy dolandyryp biljekdigi hakynda pikire öwrenişmelidigi barada jogap beripdi. Lukaşenko wezipesinden gidende, oruntutaryna parahat we asuda ýurdy miras goýmalydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Gelen Halatynda 3-nji Jahan Urşy Başlar
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Nowak: Türkiýedäki gaz merkezi boýunça çözgüt 2023-nji ýylda kabul ediler
Gazpromyň başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar
Ýeriň orbitasyndaky kosmos zibiliň sany belli boldy
Putin Demirgazyk Akym Geçirisine Guralan Sabbotažyň Döwlet Derejesindedigini Aýtdy