Lukaşenko Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijesine görä ýeňiş gazandy

Lukaşenko Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijesine görä ýeňiş gazandy

Belarussiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident saýlawlarynyň deslapky resmi netijelerini yglan etdi.

Şoňa laýyklykda prezident Lukaşenko saýlawa bolan 85,7 göterimlik gatnaşykdan, sesleriň 86,82 göterimini alyp, ýeňiş gazandy.

Belarussiýanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň birinji sekretary Sergeý Syrankow 3,21 göterim, Belarussiýanyň liberal demokratik partiýasynyň lideri Oleg Gaýdukewiç 2,02 göterim, garaşsyz dalaşgär bolan işewür zenan Anna Kanopatskaýa 1,86 göterim, Respublikan adalat we zähmet partiýasynyň lideri Aleksandr Hyžnýak 1,74 göterim ses aldy.

Dalaşgärleriň hemmesine garşy berlen sesleriň mukdary 3,6 göterim diýip bellendi.

Çürt-kesik resmi netijeleriň 5-nji fewralda yglan edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!
Halypa-şägirt
Ykdysady şertleriň agralmagy aýallaryň işde 'basgylanmagyny' köpeldýär
Hydyr Derýaýewiň açmadyk syry’ ýa-da Türkmenistanda sowet tutda-baslygy näme üçin ýaşyrylýar?
Çürtüm üçin çürkemek: Häkimiýetler býujet işgärlerinden mejbury gowaça çürtümi üçin pul ýygnaýar