Lukaşenko Milli jebislik güni mynasybetli geçirilen çärede sözlän sözünde ýurdunyň parahatçylygyň tarapynda durýandygyny we durmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Uruş islemeýändiklerini nygtan Lukaşenko, goňşy döwletlerde parahatçylygyň höküm sürjekdigine we halklaryň utgaşykly hem-de dostlukly ýaşajak günleriniň hem geljekdigine ynanýandyklaryny, ine şeýle dünýäniň gurulmagy ugrunda ellerinden geleni edýändiklerini beýan etdi.
Parahatçylykly çemeleşmeleriň ejizligiň alamaty bolmandygyna ünsi çeken Lukaşenko, daşarky agressiýa garşy has güýçli gaýtawul görkezjekdiklkerini aýtdy.
Lukaşenko ýurtdan gaçanlara we olaryň günbatarly ýolbaşçylarynyň, ýurdundaky prezident saýlawlaryndan öň jemgyýetiň agzyny alartmak üçin taýýarlyk görmäge başlandyklaryna ünsi çekdi.
ABŞ-nyň noýabr aýyndan bäri hem Moskwa hem-de Kiýew tarapyndan frontlarda harby dartgynlygyň artmagyna garaşýandygy hakynda maglumatlarynyň bardygyny aýdan Lukaşenko, günbataryň howpsuzlyk gulluklarynyň (Russiýa-Ukraina) urşuň dowam etmegini isleýandigi üçin Belarusy hem şertleri dartgynlaşdyrmak üçin amatly ýer hökmünde görýandiklerini beýan etdi.
Lukaşenko; “Başgalarynyň adigi topraklarymyza degmese urşa girmeris” diýdi.