
Atlantik ummanynda emele gelen Ida tupany ýekşenbe güni öýlän Luiziana ştatyna geldi.
Tupanlaryň mümkin bolan bäş derejesine görä, Ida tupanyna dördünji dereje berildi. Ýurduň häkimiýetleri häzirki betbagtçylygyň 2005-nji ýyldaky Katrina harasadynyň täsirinden hem has ýokary bolmagyndan gorkýarlar.
Hökümet ýaşaýjylary öýden çykmazlyga çagyrýar. Euronews-yň habaryna görä, 320 kilometrden gowrak kenarýaka ýaşaýjylaryny göçürmek meýilleşdirilýär.