Lufthansa awiakompaniýasynyň gatnawlary bütin dünýäde togtadyldy

Lufthansa awiakompaniýasynyň gatnawlary bütin dünýäde togtadyldy

Germaniýanyň Lufthansa awiakompaniýasynyň hasaba alyş kompýuter ulgamynda dörän näsazlyklar onuň uçarlarynyň bütin dünýädäki gatnawlaryny togtatdy. Uçuşlaryň tertibi maglumatlary alyşmakda dörän kynçylyklar netijesinde bozuldy. Käbir gatnawlara ýolagçylary bellige almak işini elde ýerine ýetirmeli boldy. Netijede, Maýn boýundaky Frankfurtdaky howa menzilinde ýolagçylar saklandy.

Awiakompaniýa meseläniň golaý wagtda çözüljekdigini habar berdi.

Ýagdaý bilen baglylykda, Lufthansa kompaniýasynyň paýnamalary biržada 2 göterim arzanlady diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy awiakompaniýalar mälim edildi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
Moskwa edilen pilotsyz uçar hüjümleriniň arasynda Türkmenistan rus paýtagtyna uçuşlaryny togtadýar