Lufthansa awiakompaniýasy ýolagçylara Hanymlar we jenaplar diýip ýüzlenmegi aradan aýrar

Lufthansa awiakompaniýasy ýolagçylara Hanymlar we jenaplar diýip ýüzlenmegi aradan aýrar

Euronews-yň habar bermegine görä, Germaniýanyň iň uly awiakompaniýasy bolan Lufthansa ýolagçylaryna Hanymlar we jenaplar! diýip ýüzlenmegi aradan aýyrmagy meýilleşdirýär.

Awiakompaniýanyň wekilleriniň pikirine görä, ýolagçylar jyns taýdan tapawutlandyrylmaly däldir. Awiakompaniýanyň metbugat kätibi salamlaşykda hemmeleriň deň derejede göz öňünde tutulmalydygyny aýdýar.

Mundan beýläk günüň wagtyna laýyklykda, Hormatly myhmanlar!, Ertiriňiz, gündiziňiz, agşamyňyz haýyrly bolsun! ýaly jümleler ulanylar. Täze düzgünler Lufthansa toparynyň golçur awiakompaniýalaryna ― Germaniýanyň Eurowings, Şweýsariýanyň SWISS, Awstriýanyň Austrian Airlines we Belgiýanyň Brusseles Airlines awiakompaniýalaryna hem täsirini ýetirer.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-y saýlaň we syýahatyňyzy gijikdirmäň
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Tomusky dynç alşyňyzy Turkish Airlines bilen meýilleşdiriň
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar