Gepleşigimiziň bu sanynda ýazylan düzgüni bolmadyk, emma ýerine ýetirilmegi beýleki tarapda kanagatlanma döredýän çemeleşme hakynda, bir zat soraýarkaň “lütfen”, ýagny haýyş edýärin, diýmek barasynda durup geçmekçi.Türk dil guramasy tarapyndan “Kimdir birinden bir zat soralýarka “isleýärin, haýyş edýärin” manysynda ulanylýan” söz hökmünde kesgitlenen “lütfen” arap dilinden alynan söz. “Sarpa goýulýan ýa-da wezipesi taýdan ýokarda bolan adamlardan gelen solar” manysyny aňladýan “lütfen” sözünden gelip çykýar.
Indi ozalkysy ýaly giňden ulanylmaýan “bendäňiz” sözi ýaly “lütfen” hem ýüzlenilýän adamy beýgeldýän beýan. Pars dilindäki bende sözünden gelip çykýan türkçe ikinji köplük san goşulmasy bilen döredilen söz, ýüzlenilýän adamyň hojaýyn, gepleýän gul bolandygy aforizmasyna esaslanýar. Lütfen bolsa, gepleýäniň ýerine ýetirilmegini isleýän zadyny “lütüf”, ýagny bagşedilen hökmünde görýändigini näziklik bilen beýan edýar.
“Lütfen” diýmek, ilki bilen sarpa goýmagyň görnüşlerinden biri hökmünde kabul edilýär. Isleglerimizi, talaplarymyzy beýan edýärkäk bu sözi ulanmak, başgalaryny sylaýandygymyzy aňladýar. Netijeli aragatnaşyk, taraplaryň birek-birege sylaşykly çemeleşjekdigini başyndan görkezmegi bilen mümkindir. Eger şeýle bolmasa, taraplar biri-birini ýalňyş pikir bilen diňläp, ýaramaz netijelere ýetip bilerler. “Lütfen” diýmek, aragatnaşygyň has netijeli we oňyn şertlerde geçmegine goşant goşar.
“Lütfen” diýmeklik, ençeme medeniýetde sosial normalara laýyk çemeleşmegiň bir bölegi bolup durýar. Jemgyýetdäki gatnaşyklarda kadaly çemeleşmeleri berjaý etmek sosial gatnaşyklaryň oňyn dowam etdirilmegini üpjün edýär. Şol jähtden hyzmatdaşlyk we arkalaşyk ruhuny höweslendiriji aýratynlyga eýe bolan “lütfen”, ýagny haýyş edýärin sözi, jemgyýet üçin möhüm faktordyr.
Isleglerimizi mylaýymlyk bilen beýan etmek, adamlaryň bize goldaw berme tapgyryna oňyn goşant goşar.Islegi degişli tarapa zor saljak görnüşde bolmasa hem, islegimizi “haýyş edýärin” bilen beýan etmek adamyň özüne we başlagalaryna bolan sylag-hormatyny görkezýär. Şeýle hem jemgyýetçilik transport ulaglarynda tölegi uzatmagyny isleýän adamyza, islegiňizi ýetirýän ofisandyňyza, siziň işiňizi edýän haýsydyr bir gullukça “haýyş edýärin” diýmek size hiç zat ýitirtmez.