Lucid Motors dünýäde iň kuwwatly sedany tanyşdyrdy

Lucid Motors dünýäde iň kuwwatly sedany tanyşdyrdy

Amerikanyň Lucid Motors kompaniýasy öz Air sedanynyň Sapphire diýlip atlandyrylan täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy. Konstruktorlar ony dünýäde birinji lýuks supersport elektrosedan we dünýäde iň kuwwatly sedan diýip atlandyrýarlar.

Air Sapphire-niň güýç gurluşy 1200 at güýjüni berýär.Ol üç elektromotordan ybarat — ikisi yzky okda we biri alynkyda.Duran ýerinden sagatda 60 mile çenli (90 km/s) badyny artdyrmak üçin 2 sekunt, sagatda 100 mile çenli (161 km/s) tizligi artdyrmak üçin bolsa 4 sekuntdanam az wagt gerek bolýar.

Göni ýol bilen çapyşygyň klassiki aralygyny geçmek üçin elektrokar miliň dörtden bir bölegini 9 sekuntdanam az wagtda külterläp bilýär. Şeýle-de ulag öndüriji Air Sapphire-i karbon-keramiki tormozlar, aerodinamiki paket, täze sport oturgyçlary we çapyşyk trassasyna sazlanan podweska bilen enjamlaşdyrdy.

Sedanyň täze Lucid Air wersiýasynyň tapgyrlaýyn önümçiligine 2023-nji ýylyň başynda girişmek meýilleşdirildi.Awtoulagyň bahasy azyndan 249 müň dollar bolar.

Ýene degişli makalalar

Chery Toyota Camry-niň bäsdeşi bilen tanyşdyrdy
Enrico Marinelli dükany tomusky uly arzanladyşyny yglan edýär
Elektroulag önümçiligi artýar
“Bawariýa” 50 million ýewrolyk transferini mälim etdi
Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder